16-njy iýunda BAE-niň Dubaý şäherinde Al Fattan
Marine Towers söwda merkezinde Türkmen el halylarynyň dükanynyň açylyş dabarasy
boldy.
Bu çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary
ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary K.Mämmedowyň ýolbaşçylygynda
ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmen el halylary dükany aýratyn gyzyklanma
döredýän ýerleriň biri bolup, dabara Birleşen Arap Emirliklerindäki
kompaniýalaryň wekilleri hem-de köpsanly myhmanlar geldiler we bu ýerde olar
üçin elde dokalan ajaýyp türkmen haly önümleri bilen tanyşmaga mümkinçilik
döredildi.
Şeýle hem çäräniň dowamynda çykyş eden türkmen
sazandalarynyň milli sazlaryny ussatlyk bilen çalmaklary hem-de türkmen
dizaýnerleriniň işläp taýýarlan lybaslarynyň görkezilişi dabaranyň şowhunly
pursatlarynyň biri boldy.
Bu çäre Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklaryň barha işjeň häsiýete eýedigini ýene bir ýola görkezdi.