milli goshun logo
Döwürleýin metbugatyň elektron görnüşleri döredilýär
Döwürleýin metbugatyň elektron görnüşleri döredilýär
23.02.2019 950 Habarlar

22-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Abdyýewa Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň döwürleýin metbugatynyň elektron görnüşlerini döretmek hem-de olary okyjylara öz wagtynda ýetirmek üçin sanly ulgamy peýdalanmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

2019-njy ýylyň ýanwar aýynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň saýtynda (http://metbugat.gov.tm/) «Rowaçlyk» sahypasy döredildi, döwürleýin neşirleriň makalalary bilen dessine tanyşmaga mümkinçilik döredýän «Gazetler» we «Žurnallar» bölümleri işläp başlady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow döwürleýin neşirleri ýaýratmakda internetiň we döwrebap sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerini netijeli ulanmagyň ähmiýetine ünsi çekdi. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň dessine işlemeginiň hem-de ýaýrawynyň giň bolmagynyň olaryň üstünliginiň we meşhurlygynyň girewidigini belledi. Habar beriş serişdeleriniň täze şertlere uýgunlaşmagy boýunça täze wezipeleri çözmek üçin strategiýalara täzeden garamak zerurdyr, şol strategiýalar metbugat habar beriş serişdelerine sanly eýýamda üstünlikli işlemäge hem-de täze ýörelgeleri eýelemäge mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýer B.Abdyýewa anyk görkezmeleri berdi.