milli goshun logo
Döwrebap lukmançylyk merkezleri açyldy
Döwrebap lukmançylyk merkezleri açyldy
10.10.2024 14 Habarlar

Düýn – 9-njy oktýabrda paýtagtymyzda 400 orunlyk Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi açylyp ulanmaga berildi. Bu dabaralara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Täze gurlan Halkara sagaldyş-dikeldiş merkeziň köpugurly bölümleri dünýäniň ösen ýurtlarynda öndürilen döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. 7 gatdan ybarat hassahanada dürli ýaşdaky adamlara saglygyny bejertmek we dikeltmek üçin ähli amatly şertler döredildi.

Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezinde ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary netijeli bejermek üçin ähli şertler döredilendir. Täze lukmançylyk merkezi ylmy-barlag merkezini, 10 sany ylmy-kliniki we kömekçi bölümleri, beýleki gulluklary öz içine alýar. Bu bolsa onuň kliniki we ylmy bölümleriniň özara sazlaşykly işlemegine şert döredýär.