Düýn geçirilen iş maslahatynda Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew ýurdumyzyň gurluşyk we
energetika pudaklaryny ösdürmegiň 2019 —2025-nji ýyllar üçin maksatnamany işläp
taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň
bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki
mümkinçiliklerini artdyrmak, ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurtlarda
taýýarlanylan önümlerden pes bolmadyk gurluşyk materiallarynyň görnüşlerini
giňeltmek, hojalygy ýöretmegiň, şol sanda hususy işewürligiň gatnaşmagynda onuň
netijeli görnüşlerini ornaşdyrmak bu ulgamda durmuşa geçirilýän möhüm
wezipeleriň hatarynda görkezildi.
Şunuň bilen birlikde, döwrebap energetika ulgamynyň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşiniň ýene bir möhüm şertleriniň biridir, pudagyň döwrebaplaşdyrylmagynda ýurdumyz iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi, ylmyň häzirki zaman gazananlaryny hem-de iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy ugur edinýär.
Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalary, täze elektrik geçiriji ulgamlary, şäher gurşawyny ösdürmek meselelerini öz içine alýan maksatnamanyň taýýarlanylmagyna örän jogapkärli hem-de içgin çemeleşmegi tabşyrdy.