30-njy
oktýabrda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça hökümet agzalary,
jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň
rektorlary milli Liderimiziň adyndan çagalara ajaýyp sowgatlary — welosipedleri
gowşurmak üçin Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşen Döwletliler köşgüne
bardylar.
Täze nusgadaky
welosipedler ozal döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur
hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly
goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde sowgat berlipdi. Olary çagalara
gowşurmak karary — hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil, Watanymyzyň geljegi
hakynda atalyk aladasynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň
ähli çagalarynyň atalyk aladasy bilen gurşalandygy üçin Arkadag Prezidentimize
tüýs ýürekden hoşallyk bildiren çagalar milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowa berk jan saglygyny, uzak ömür, eziz Watanymyzyň rowaçlygynyň
bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.
Ýeri gelende
aýtsak, welosipedleriň ýene-de ikisini milli Liderimiz Döwlet medeniýet
merkeziniň Döwlet muzeýiniň Prezident muzeýi bölümine hem-de Sport we ýaşlar
syýasaty ministrliginiň täze gurulýan binasynda ýerleşdiriljek muzeýe gowşurdy.