Düýn -
19-njy martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti
Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň
barşynda soňky ýyllaryň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde
üstünlikli ösdürilýän döwletara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen
halkynyň Milli Lideri Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda
dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin
Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, häzirki wagtda
ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça işjeň ösdürilýändigini
kanagatlanma bilen belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň
nygtaýşy ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan, açyklyk, ynanyşmak
ýörelgelerine esaslanýan syýasy dialog şeýle hyzmatdaşlygyň baş şertidir. Iki
döwletiň ýolbaşçylarynyň we Liderleriniň duşuşyklary türkmen-özbek strategik
hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berýär.