milli goshun logo
Döwletara gepleşikler geçirildi
Döwletara gepleşikler geçirildi
3 gün öň 85 Habarlar

Düýn – 7-nji martda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzäniň arasynda gepleşikler geçirildi. Bu duşuşyk netijeli döwletara dialoga täze itergi bermäge hem-de hyzmatdaşlygyň bar bolan kuwwatyny nazara almak bilen, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýar. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk döwletara dialogyň möhüm ugry bolup durýar. Energetika, senagat, saglygy goraýyş ulgamlaryndaky özara gatnaşyklarda oňyn netijeler gazanyldy. Ulag-logistika pudagy hem hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär.

Döwletara hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy boýunça pikir alyşmagyň dowamynda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.