Jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynyň
ösdürilmeginiň derejesi islendik ýurduň ilatynyň ýaşaýyş hiliniň we onuň döwlet
nusgasynyň hem-de durmuş syýasatynyň netijeliliginiň esasy görkezijileriniň
biridir. Çünki, «Halkyň saglygy – ýurduň baýlygy» düşünjesi bilen
kesgitlenilýän, döwletiň işine adam ölçegi many-mazmun gymmatlygy babatdaky
esasy ýörelgeler şu ulgamyň binýadyny düzýär.
Ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri saglygy
goraýşyň ylmy we hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagy lukmançylygyň ähli
derejelerde — şäherlerde we obalarda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň
ýörelgelerine laýyklykda ösdürilmegi — munuň özi lukmançylyk we ykdysady
ylymlaryň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi,
daşary ýurt ylym-bilim merkezleriniň we edaralarynyň birnäçesiniň hormatly
akademigi, professory we doktory hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň saglygy goraýyş ulgamyndaky döwlet syýasatynyň esasy
aýratynlygydyr.
Biziň ýurdumyz saglygy goraýyş ulgamynyň
arassaçylyk — keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek babatynda ilatyň
abadançylygyny üpjün etmek ýaly möhüm ugrunda dünýäniň köp döwletleri üçin
nusgalyk bolup durýar. Döwletimizde ýokanç keselleriň birnäçesiniň aradan
aýrylandygy baradaky halkara sertifikatlary Türkmenistanyň ilatynyň saglygyny
goramak boýunça wezipeleri çözmekde gazanýan üstünlikleriniň ykrarnamasy bolup
durýar, şeýle hem bu ulgamda türkmen lukmanlarynyň toplan tejribesi Bütindünýä
saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitiniň ýurtlarynda ýaýradylmagy üçin
maslahat berildi.
Bu maksatlar bilen ilkinji nobatda kanunçylyk
binýady pugtalandyryldy — ýokanç keselleriň we beýlekileriň ýaýramagynyň öňüni
almak we olara garşy göreşmek boýunça kadalaşdyryjy hem-de usulyýet
resminamalary kämilleşdirildi.
Geçirilen öňüni alyş çäreleriniň geçirilmeginiň
netijeleri boýunça Türkmenistana ýurtda drakunkulýoz parazit keseliniň ýok
edilendigi barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň sertifikaty
gowşuryldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
nygtaýşy ýaly, sanjymlaryň geçirilmegi ýokanç keselleriň öňüni almakda ileri
tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Waksinalary we immunizasiýa
serişdeleriniň satyn alynmagy ýurdumyzda Döwlet býujetiniň hasabyna amala
aşyrylýar. Çagalary immunizasiýalaşdyrmak işleriniň Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasy tarapyndan makullanan ýokary hilli waksinalar bilen geçirilýändigini
bellemek gerekdir.
Immunobiologiýa serişdelerini saklamagyň we
ibermegiň zerur şertlerini üpjün edýän ulgam ep-esli berkidildi we
kämilleşdirildi.
Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde
TDH-nyň habarçysyna habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Milli sanjym tertibine
laýyklykda çagalar 11 ýokanç kesellerine: difteriýa, gökbogma, bürmä,
poliomielite, gyzamyga, gyzylja, epidemiki parotite, wirusly gepatitiň B görnüşine,
inçekesele, Hib ýokanjyna we adamyň papilloma wirusyna garşy sanjymlary mugt
alýarlar.
Türkmenistanda keselleriň öňüni alyş Milli sanjym
tertibi täze waksinalaryň girizilmegi bilen üýtgäp durýar. Häzirki wagtda
kombinirlenen, düzüminde birnäçe ýokanç kesellere garşy birwagtda immunitetiň
döremekligine ýardam berýän waksinalary satyn almaklyga aýratyn üns berilýär.
Waksinalar indiwidual derejede howply ýokanç
kesellerden goramaklygy üpjün edýär. Eger-de, ähli adamlar öňüni alyş
sanjymlaryny öz wagtynda alsalar, onda jemgyýetde ýokanç kesellere duýgur
adamlar galmaýar. Öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi ýurdumyzda
epidemiologiki abadançylygy saklamaklygyň esasy ugurlarynyň biridir. Waksinalar
bilen dolandyryp bolýan ýokanç kesellere garşy gazanylan epidemiologiki
abadançylyk birnäçe ýyllaryň dowamynda çagalaryň we uly ýaşly ilat toparynyň
sanjymlama bilen 95 — 99 göterim gurşalyp alynandygy bilen baglydyr.
Kesellemegiň derejesiniň peselmegi immuno öňüni
alyş işleriniň guramaçylykly geçirilmekligine we bu işe ilatyň işjeň
gatnaşmaklygyna baglydyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu
meselä Türkmenistanyň halkynyň saglygyny goramakda möhüm ornuň degişlidigini
belleýär.
Ýokary hilli immunizasiýa çäreleriniň hem-de
waksinalar bilen dolandyrylýan ýokanç keselleriniň ýaýramagyna garşy netijeli
gözegçilik edilmeginiň utgaşdyrylmagy üstünlikler gazanylmagyna mümkinçilik
berdi. Mysal üçin, käbir ýokanç keseller doly ýok edildi, şeýle hem difteriýa,
burme keseli, gökbogma, epidemiologiýa paratiti we beýleki keseller bilen
kesellemegiň görkezijileri peseldildi. Türkmenistanyň «Ýurduň säklerinde ýabany
poliowirus keseliniň ýaýramagyny ýok etmek hakynda sertifikaty» alandygyny hem
bellemek gerek.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň
maslahatlaryna laýyklykda «Türkmenistanda gyzamygyň we gyzylja ýokanç keseliniň
öňüni almak» maksatnamasy kabul edildi hem-de 2015-nji ýylda Bütindünýä saglygy
goraýyş guramasynyň Sebit edarasy ýurdumyzda gyzamyk we gyzylja keselleriniň
eliminasiýasy boýunça ýurdumyzyň gazananlaryny tassyklady.
Türkmenistan şeýle hem Bütindünýä saglygy goraýyş
guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň «Gyzzyrmanyň eliminasiýasyna garşy
göreşden 2015-nji ýyla geçmek» atly strategiki meýilnamasyny goldady we kabul
etdi hem-de bu çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijeleri esasynda
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň çözgüdi boýunça 2010-njy ýylda
gyzzyrmanyň eliminasiýasyna ýeten ýurtlaryň sanawyna girizildi.
Azyk önümleriniň hiline we howpsuzlygyna döwlet
tarapyndan gözegçiligiň amala aşyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň
ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň öňünde goýlan esasy wezipeleriniň biri
bolup durýar.
Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy
göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkeziniň keselleriň
ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölüminiň düzüminde waksinalar we
immunobiologiýa serişdeleri saklamak üçin ammar bar. Bu ýerde Bütindünýä
saglygy goraýyş guramasynyň ölçeglerine laýyklykda ýörite sowadyjy we doňduryjy
otaglar bar, ýurdumyza getirilýän waksinalary «sowuklyk zynjyrynyň» talaplaryny
doly ýerine ýetirmek bilen kabul etmek, saklamak we ugratmak üçin zerur şertler
döredilendir.
Ammarda waksinalaryň, şprisleriň, iňňeleriň,
howpsuzlyk gutularynyň, termokonteýnerleriň saklanyş şertlerini
merkezleşdirilen ýagdaýda dolandyrmak maksady bilen, ýörite gözegçilik otagy
hereket edýär. Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek we immunologiýa bölüminde
Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy
göreşmek gulluklaryndan ýerlerde keseliň öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilişi
baradaky maglumatlar we hasabatlar elektron usulynda kabul edilýär we
seljerilýär.
Merkeziň hünärmenleri milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň görkezmesini ýerine ýetirmek bilen, ygtybarly we iň täze
barlaghana gözegçilik usullaryny ulanmak arkaly Türkmenistanyň çäklerinde
aýratyn howply ýokanç keselleriniň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüni almak
boýunça işleri amala aşyrýarlar. Bu ýerde waksinalaryň saklanylyşy, daşalyşy,
sanjymlamalaryň geçirilişi, hasabatlaryň ýöredilişi barada sanjym işleri bilen
gönüden-göni bagly bolan hünärmenleriň arasynda okuw-seminarlary geçirilýär.
Okuw-seminarlarynyň mazmuny dünýäde täze maglumatlaryň ýüze çykmagyna görä her
ýylda täzelenýär.
Bedeni islendik wirusdan goramak üçin berk
immunitetiň bolmaklygy saglygyň gözbaşy hasaplanýar. Gyş döwründe bedeniň immun
ulgamyny gurplandyrmak zerurdyr. Munuň üçin, bedeni B we С toparynyň
witaminleri bilen baýlaşdyrmak wajypdyr.
Wirusly kesellerden goranmak üçin şahsy
gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmeklige hem aýratyn üns berilmelidir. Elleri
ýygy-ýygydan ýuwmak, otaglary güniň dowamynda 3-4 gezek ýelejiretmek, otagda
çygly arassalaýyş işlerini geçirmek zerurdyr.
Bu ýönekeý, netijeli usullar dümew bilen
kesellemek howpuny peseldýändir. Emma, bu usullaryň netijelidigine garamazdan,
dümew keseliniň öňüni almak üçin sanjymlama iň bir ygtybarly usul
hasaplanylýar.
Häzirki wagtda ähli saglyk öýlerinde degişli toparlaryň
arasynda dümew keseline garşy öňüni alyş sanjymlamasynyň geçirilýändigini
bellemek gerek.
Mundan başga-da isleg bildirýän raýatlara 6 aýlyk çagalardan başlap we uly ýaşly raýatlara dümew keseline garşy öňüni-alyş sanjymlamasy geçirilýär, munuň üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýewropa döwletleriniň öndürijileriniň ýokary hilli waksinalaryny yzygiderli satyn alýar.