27-nji aprelde Döwlet daşary ykdysady iş
bankynda wideokonferensiýa görnüşinde Ýaponiýanyň Döwlet eksport-karz
agentliginiň (Nippon Eksport we Maýa goýum ätiýaçlandyryş (NEXI) wekilleri
bilen gepleşikler geçirildi.
Duşuşygyň
çäklerinde maliýe-maýa goýum gatnaşyklary babatda bar bolan ylalaşyklaryň
durmuşa geçirilişiniň barşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň geljegi
barada giňişleýin pikir alşyldy. Onlaýn pikir alyşmanyň barşynda milli Liderimiz Gurbanguly
Berdimuhamedowyň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty bilen baglylykda mundan
beýläk-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk teklipler aýdyldy.
Häzirki wagtda NEXI-niň gatnaşmagynda
«Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri tarapyndan umumy bahasy
ABŞ-nyň 3,63 milliard dollaryna barabar bolan taslamalaryň bäşisi durmuşa
geçirildi. Häzir Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň buýurmasy
boýunça ýapon kompaniýalary Lebap welaýatynda kuwwaty 432 megawatt bolan
gazturbina elektrik bekediniň gurluşygyny alyp barýarlar.