Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik
ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň
agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle-de
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar
Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň
31 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana
gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek
görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle-de belli bir ýerde ýaşamak borjuny
ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.