Berkarar döwletimiziň aýdymçy
ýigitleri we gyzlary!
Mähriban ýaşlar!
Sizi «Ýaňlan,
Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs
ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze
aýdym-sazlar bilen barha kämilleşýän sungat äleminde size döredijilik
üstünlerini, juwan kalbyňyzdan joşup çykýan zehiniňiziň hemişe joşgunly
bolmagyny arzuw edýärin!
«Türkmenistan
— rowaçlygyň Watany» ýylynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz,
hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk
baýramyny ähli ulgamlar boýunça belent sepgitler, uly zähmet üstünlikleri bilen
garşylaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy ähli ugurlar boýunça
düýpli ösdürmäge gönükdirilen tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Häzirki döwürde ata Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanyp, Bitarap
Türkmenistan döwletimiz asudalygyň, abadançylygyň, dost-doganlygyň mekany
hökmünde dünýä ýurtlarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär.
Berkarar
döwletimiziň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş, durmuş, iş şertlerini has-da
gowulandyrmak, ýaşlarymyzyň döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek,
ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen alyp
barýan köpugurly işlerimiziň netijeleri biziň öňe süren «Döwlet adam üçindir!»
diýen baş ýörelgämiziň barha dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gadyrly ýaşlar!
Häzirki
döwürde ýurdumyzda ähli ugurlar bilen birlikde, medeniýet ulgamyny hem
ösdürmek, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, edebiýatymyzy täze, kämil eserler
bilen baýlaşdyrmak, bu ugurda gazanylan üstünlikler bilen dünýä
jemgyýetçiligini ýakyndan tanyşdyrmak biziň öňümizde durýan möhüm wezipeleriň
biridir. Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllygy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk
çärelerine, şol sanda, olaryň çäginde geçirilýän bäsleşiklere medeniýet we
sungat ussatlarynyň, ýaşlarymyzyň işjeň gatnaşmaklary we üstünlikli çykyş
etmekleri türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny dünýä ýüzüne giňden
ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedir. Milli medeniýetimizi, sungatymyzy,
edebiýatymyzy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, ýurdumyzda yzygiderli
geçirilýän köp ugurly medeni çäreler, döredijilik bäsleşikleri täze zehinleriň
kemala gelmegine, türkmen sungatyny düýpli ösdürmäge uly ýardam berýär.
Ýurdumyzda her
ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi il
içinden höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ençemesini ýüze çykaryp, olary türkmen
sungatynyň rowaç menzillerine ruhlandyrýar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine
ýurdumyzyň welaýatlaryndan, etraplaryndan, şäherlerinden we obalaryndan
gatnaşan ýaş aýdymçylar özleriniň ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini ykrar
etdirip, sungatyň şaýoluna düşýärler. Bu gün dürli ýyllarda «Ýaňlan, Diýarym!»
telebäsleşiginiň ýeňijisi bolan ýaşlaryň köpüsi halypalyga ýetişdi. Ýurdumyzyň
döwlet sylaglaryna, hormatly atlaryna mynasyp bolup, uly abraý gazandylar.
Şonuň üçin hem biz bu döredijilik bäsleşigini türkmen sungatynda täze zehinleri
kemala getirmekde aýratyn ähmiýetli medeni çäre hasaplaýarys. Biz geljekde-de
berkarar döwletimiziň medeniýetini we sungatyny ösdürmäge ukyply täze
nesilleriň ýüze çykmagyna, olaryň barha kämilleşip, ussatlyga ýetişmegine
ýardam berýän şeýle bäsleşikleri yzygiderli geçireris.
Mähriban aýdymçy ýaşlar!
Siziň juwan
kalbyňyzdan joşup çykýan aýdymlar Garaşsyz döwletimiziň taryhy özgerişleriniň,
halkymyzyň bagtyýarlygynyň, jemgyýetimiziň abadançylygynyň belent waspyna
öwrülmelidir.
Siziň ýerine
ýetirýän aýdymlaryňyz mähriban watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine,
belent sepgitlere ruhlandyrmalydyr. Joşgunly aýdym-sazlara kalbynyň töründen
orun beren halkymyz sungatyň sarpasyny hemişe belent tutýandyr.
Garaşsyz ýurdumyzyň aýdymçy ýigitleri we
gyzlary!
Berkarar
döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe siziň milli aýdym-saz sungatymyzyň has-da
rowaçlanmagy, kämilleşmegi ugrunda güýç-gaýratyňyzy gaýgyrmajakdygyňyza, halypa
bagşylarymyzyň, aýdymçylarymyzyň sungat älemindäki özboluşly döredijilik ýoluny
mynasyp dowam etdirjekdigiňize, owazyňyzyň belentden ýaňlanjakdygyna pugta
ynanýaryn.
Siziň ähliňizi
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz hem-de
ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, sungat äleminde döredijilik
üstünliklerini arzuw edýärin!
Türkmenistanyň
Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW