11-nji fewralda
Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen duşuşygy boldy. Onda Watanymyzyň
Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda milli parlamentiň işiniň
esasy ugurlary anyklaşdyryldy.
Duşuşyga
Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň,
ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň,
jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
ýolbaşçylary çagyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy şowhunly
elçarpyşmalar bilen garşyladylar.
Milli Liderimiz ýygnananlaryň öňünde maksatnamalaýyn çykyş edip, biziň haýsydyr bir jogapkärli işe başlanymyzda halkymyz bilen geňeşip, onuň pikirine esaslanmak ýaly ajaýyp milli däbimiziň bardygyny belledi. Şu parasatly däbe eýerilip, «Türkmenistan–Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.