Düýn – 4-nji aprelde «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak üçin Samarkantda bolýan hormatly Prezidentimiz bu ýerde geçirilen «Merkezi Aziýa ählumumy howa meseleleriniň öňünde: bilelikdäki abadançylyk üçin jebislik» atly halkara foruma gatnaşdy.
Ekologiýa we howanyň üýtgemegi ulgamynda möhüm wakalaryň biri bolan forumyň açylyş dabarasyna Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklary onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Samarkant Kongres merkezinde «Ählumumy klimat meseleleri we Merkezi Aziýa: umumy gülläp ösüşiň bähbidine tagallalar» mowzugynda guralýan forum howanyň üýtgemegi we durnukly ösüş bilen bagly derwaýys meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin öňdebaryjy halkara bilermenleridir döwlet işgärlerini, halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem forumda çuň manyly çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz sebitde ekologiýa, durmuş-ykdysady we ynsanperwer abadançylygyň esasy meseleleriniň biriniň Araly halas etmek bilen baglydygyny belläp, ýurdumyzyň bu babatda halkara derejede maksada gönükdirilen işleriň alnyp barylmagyna garaşýandygyny tassyklady.