Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny
we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk
bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini,
kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli
ýerine ýetirendigi we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy
üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda
birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini, döwletiň,
jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik
işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle-de Garaşsyzlygymyzyň 31
ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň harby
we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet
sylaglary bilen sylaglamak hakynda» Permana gol çekdi.
***
Mukaddes harby borjuny ak ýürekden
berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny
hem-de jemgyýetimizde kanunylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap
saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle-de
Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli we Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň
Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar
Berdimuhamedow «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby
gullukçylaryna hem-de işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär
derejelerini bermek hakynda» Permana gol çekdi.