Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň,
birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň
hem-de Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda nobatdaky wideoşekilli iş
maslahatyny geçirdi. Iş maslahatyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň möhüm wezipelerine we döwlet durmuşynyň beýleki wajyp meselelerine
garaldy.
Döwlet Baştutanymyz göni
aragatnaşyga ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
E.Orazgeldiýewi çagyrdy. Wise-premýer ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we oba hojalygynda özgertmeleriň dowam
etdirilişi barada hasabat berdi.
Halk Maslahatynyň birinji
mejlisiniň çözgütlerine we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Kararlaryna laýyklykda daýhan birleşikleriniň sürümli ýerlerinden welaýatlarda
oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznalary döredildi. Ondan paýdarlar
jemgyýetine, daýhan hojalyklaryna, beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijilere
uzakmöhletleýin esasda ýer bölekleri bölünip berilýär.
Resminamalar taýýarlananda umumy
meýdany 118 müň gektara barabar bolan ilkinji Gaznadan bölünip berlen ýerleriň
70 göterime golaýynyň şertnama esasynda bugdaý, gowaça we beýleki döwlet
buýurmasyna girizilen oba hojalyk ekinleri üçin peýdalanyljakdygy aýratyn
görkezilýär. Galan ýerlerde ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny
geçirmek üçin beýleki ekinler ösdürilip ýetişdiriler. Ikinji Gaznadan bölünip
berilýän ýer bölekleri gök we bakja önümlerini, ýeralma, üzüm we ir-iýmiş
ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir.
Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini
öndürijileri höweslendirmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap bugdaýyň,
gowaçanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Daýhan birleşikleri we
hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri, ylmy-barlag institutlary,
kärendeçiler, hususy telekeçiler we beýleki önüm öndürijiler on ýyla çeni
möhlet bilen ýeňillikli karz serişdelerini alyp bilerler. Şunuň bilen birlikde,
Oba we suw hojalyk ministrligine degişli fermalaryň jaýlaryny onuň gara
mallary, dowarlary, düýeleri, guşlary bilen bilelikde tapgyrlaýyn esasda
hususylaşdyrmak we olara bellenilen tertipde ýer böleklerini bermek
meýilleşdirilýär.
Milli Liderimiz güýzlük bugdaýyň
maýsalaryna ideg edilende, ähli agrotehniki talaplaryň berk berjaý edilmeginiň
wajypdygyny, munuň bolsa geljek ýylda “ak bugdaýyň” bereketli hasylyny almagyň
möhüm şerti bolup durýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz babadaýhanlaryň
yhlasly zähmeti bilen kemala getirilen “ak altynyň” iň soňky hanasyna çenli
doly ýygnanylyp alynmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini
belledi.
Soňra söwda we daşary ykdysady
aragatnaşyklar ministri A.Işanow ýolbaşçylyk edýän düzüminde alnyp barylýan
işleriň ýagdaýy, hususan-da, söwda ulgamyny ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän
çäreler barada hasabat berdi. ”EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisine taýýarlygyň
çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça
BAE-niň Dubaý şäherine iş sapary guraldy. Ol ýerde 27 — 28-nji noýabrda
Bütindünýä sergä gatnaşyjylaryň üçünji taýýarlyk duşuşygy geçirildi.
Türkmenistanyň Söwda we
daşary–ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekiliýeti BAE-niň halkara
hyzmatdaşlyk boýunça Döwlet ministri, “EKSPO — 2020” halkara sergisiniň Baş
komissary Rim Al-Haşimi bilen duşuşdy. Taraplar taýýarlyk işleri we “EKSPO —
2020” serginiň geçirilýän döwründe ýygjam hyzmatdaşlyk etmek hakynda
ylalaşdylar. Şeýle hem sergä gatnaşmagyň möhüm meselelerini ara alyp
maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar üçin
Bütindünýä serginiň geçiriljek ýerine halkara derejesindäki tanyşdyryş sapary
gurnaldy. Türkmenistana bölünip berlen meýdanyň möçberi 1572 inedördül metre
barabardyr.
Şeýle hem ministr hasabatynda
türkmen wekiliýetiniň Kaire bolan iş sapary barada habar berdi. Ol ýerde
Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň
ikinji mejlisi we türkmen-müsür işewürlik maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň
wekiliýeti Kairde bolmagynyň çäklerinde Müsüriň söwda we senagat ministri, maýa
goýum we halkara hyzmatdaşlyk ministri bilen duşuşdy. Şeýle hem ýurdumyzyň
birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri bilen
Müsüriň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn gepleşikleri
geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Bütindünýä sergisine gatnaşmagynyň
Türkmenistanyň ýeten derejesini dünýä bileleşigine äşgär etmek,
ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maksatnamalaýyn ösüş ugurlary, türkmen halkynyň
baý medeni mirasy bilen tanyşdyrmak, ýurdumyzyň tehnologiýalaryny, işläp
taýýarlamalaryny, harytlaryny we hyzmatlaryň görnüşlerini daşarky bazara
ugradylmagyny üpjün etmek üçin zerur mümkinçiliklerini açýandygyny belledi.
“EKSPO — 2020” gözden geçirilişi täze gatnaşyklary ýola goýmak, dürli pudaklar
boýunça tejribe alyşmak, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara peýdaly
gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek üçin netijeli çärä öwrüler diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we öňde boljak foruma ýokary derejede milli sergi bölümini
guramak babatda ministre birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Söwdanyň ýurdumyzyň ykdysadyýetini
we onuň halkara ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändigini,
ilatyň abadançylygynyň we durmuşynyň ýeten derejesini görkezýändigini belläp,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pudagy bazar gatnaşyklary
şertlerinde mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmegiň zerurdygyny aýtdy we bu
babatda anyk görkezmeleri berdi. Ýurdumyzyň bazarlarynyň zerur harytlar bilen
üpjün edilmegi, daşary söwda dolanyşygynda importuň we eksportuň sazlaşygy,
sebit we dünýä meýilleri nazara alyp, çeýe eksport syýasatyny kemala getirmek
maksady bilen daşary ýurtlaryň bazarlaryndaky ýagdaýy yzygiderli öwrenmek wajyp
wezipeler hökmünde kesgitlendi.
“Türkmenstandartlary” baş döwlet
gullugynyň başlygy M.Kakabaýew göni aragatnaşyga çagyryldy. Ol milli
Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, önümçilige halkara
hil standartlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Gullugyň ýolbaşçysy önümleriň
hiline, onuň kadalaşdyryş üpjünçiligine, olara baha beriş çäreleriniň
tertipleşdirilmegine, ýola goýlan tehniki mümkinçilikleriň tassyk edilmegine
dolandyryşyň guramaçylyk-ykdysady guralyny berkitmek boýunça zerur çäreleriň
alnyp barylýandygyny, sarp edijileriň hukuklarynyň goragyna, mahabat guralynyň
we halkara haryt dolanyşygynyň ösdürilmegine gönükdirilendigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, öndürilýän önümleriň, harytlaryň, ýerine
ýetirilýän işleriň we hyzmatlaryň hiliniň hem-de howpsuzlygynyň barlagynyň
dünýä tejribesinde umumy ykrar edilen hil standartyna laýyk gelmelidigini
belledi.
Ýurdumyzyň kompaniýalary,
kärhanalary we guramalary bazar ykdysadyýetiniň ösmegi bilen daşarky bazarlara
çykýarlar. Bu bolsa olaryň öňünde täze iş şertleri kesgitleýär. Bu meselelerde
gullugyň we oňa degişli düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça degişli
çäreleriň amala aşyrylmagy zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Daşary ýurtlardan getirilýän
harytlara tehniki kadalaşdyryş barlagyny we degişli gözegçiligi üpjün etmek
“Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň esasy wezipeleridir diýip, hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi. Şunuň bilen
baglylykda, önümleriň hilini gowulandyrmak we ýurdumyzda öndürilýän we daşary
ýurtlardan getirilýän önümleriniň halkara standartlarynyň talaplaryna laýyk
getirmek maksady bilen döwlet Baştutanymyz gullugyň ýolbaşçysyna bu ugurda
zerur işleri amala aşyrmagy tabşyrdy.
Soňra milli Liderimiz göni
aragatnaşyga Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy M.Annadurdyýewi çagyrdy.
Ol ýolbaşçylyk edýän pudagynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň bank ulgamynyň işini mundan
beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek
maksady bilen bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, maýa goýum çäresini
kämilleşdirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan
önümçiligi ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamany amala aşyrmak ugrunda
zerur işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bank-maliýe syýasatyny üstünlikli
durmuşa geçirmek, milli manadymyzyň ornuny pugtalandyrmak üçin yzygiderli işler
amala aşyrylýar. Munuň özi ykdysadyýetiň okgunly ösüşini şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň maliýe bazarlaryndaky ýagdaýy
yzygiderli öwrenmegiň zerurdygyny belledi. Onda häzir durnuksyz ýagdaý
saklanýar. Bu bolsa halkara ykdysady gatnaşyklara ýaramaz täsir edýär. Daşarky
çylşyrymly şertleri hasaba almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň durnukly
ösüşini üpjün etmek, manadyň durnuklylygyny saklamak we ornuny berkitmek,
ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamyny dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän
ýagdaýlara uýgunlaşdyrmak üçin zerur çäreleri görmek möhüm wezipeleriň
hatarynda durýar diýip döwlet Baştutanymyz belledi we bu babatda degişli
görkezmeleri berdi.
Göni aragatnaşykda geçirilýän
wideoşekilli iş maslahaty “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory
M.Annanepesowyň hasabaty bilen dowam etdi. Ol türkmen halkynyň köp asyrlyk
şöhratly däplerine laýyklykda, ýurdumyzda atçylygy ösdürmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, arassa ganly
ahalteke atlaryň baş sanyny artdyrmak we arassalygyny saklamak, häzirki döwürde
bedewleriň dünýädäki şöhratyny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly wezipeleriň
möhümdigini belläp, bu ugurda mundan beýläk-de degişli işleriň yzygiderli
ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Halkara derejesindäki atçylyk
sport çärelerini guramak işi dowam etmelidir. Munuň özi behişdi bedewlerimiziň
dünýä atçylyk sportunda mynasyp orun eýelemegine we ukyplarynyň doly açylmagyna
mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz tejribeli
atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we beýleki degişli hünärmenleri
taýýarlamak hem-de hünär derejesini ýokarlandyrmak işlerine möhüm üns
berilmelidigini aýtdy.
Behişdi bedewlere bolan ägirt uly
halkara gyzyklanmalaryny nazara alyp, mundan beýläk-de özara tejribe alyşmak,
türkmen halkynyň ajaýyp atşynaslyk sungatyny giňden wagyz etmek maksady bilen,
daşary ýurtlaryň atçylyk assosiasiýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk
ösdürilmelidir. Ýurdumyzda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hut
şu maksada gulluk etmäge gönükdirilendir. Aşgabatda her ýylda onuň mejlisi
geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Özüniň üýtgeşik gözelligi,
çeýeligi we ýyndamlygy bilen gadym döwürlerden bäri ady rowaýata öwrülen
ahalteke bedewleri häzirki döwürde hem milletiň bahasyz gymmatlygy bolup
durýar. Asyrlaryň dowamynda pederlerimiz ajaýyp atlaryň ösdürilip
ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet beripdirler. Olar türkmen halkynyň taryhynyň
tutuş dowamynda wepaly syrdaşy bolupdyrlar. Häzirki döwürde asylly bedewler
Türkmenistanyň häzirkizaman ösüşiniň, nesilleriň we taryhy tejribäniň
arabaglanyşygynyň, beýik ýörelgeleriň, ýeňşiň, döredijilikli zähmetiň, ösüşiň
belentliklerine bolan ynamyň nyşany bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, milli
Liderimiz Ahal welaýatynyň edara ediş merkezinde Ylmy-önümçilik merkezini
gurmak we bu ýerde ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdebi açmak barada tabşyryk
berendigini aýtdy. Bu ýerde pudak üçin ýokary hünärli işgärler taýýarlanylar.
Halkara atçylyk sport toplumynyň ýakynynda ýerleşjek desgalar hakyky atşynaslyk
toplumyny emele getirer. Munuň özi pudagyň hil taýdan täze derejä çykmagyna,
dünýäniň atşynaslyk pudagyna goşulyşmagyna şert döreder.
Döwletimiz mundan beýläk-de milli
atşynaslygyň we atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ugurda özara tejribe
alşylmagyna we halkara hyzmatdaşlygyna hemmetaraplaýyn goldaw berer. Ussat
atşynaslaryň, seýisleriň, halypa çapyksuwarlaryň netijeli iş alyp barmagy üçin
ähli zerur şertler dörediler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly
Berdimuhamedow sözüni jemledi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly
wideoşekilli iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew çykyş etdi,
ol paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, Täze ýyly hem-de Halkara
Bitaraplyk gününi mynasyp garşylamaga, baş şäherimiziň şaýollaryny we
meýdançalaryny baýramçylyk keşbine girizmäge görülýän taýýarlyk işleri, öňde
boljak şanly seneler mynasybetli medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamalaryny
işläp taýýarlamak barada ýerine ýetirilen işler barada habar berdi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň
gyş paslynda jemagat gulluklarynyň ähli düzümleriniň utgaşykly işini, ýaşaýyş
jaýlarynda, mekdeplerde we çagalar baglarynda ýyladyş ulgamynyň bökdençsiz
işini üpjün etmek babatynda ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada
habar aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz ak
mermerli Aşgabat şäherimiz iň gözel we ýaşamak üçin amatly, dürli ulgamlarda
netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmündäki derejesini
barha pugtalandyrýar diýip belledi. Giň gerimli özgertmeler işine ýokary depgin
berýän paýtagtymyz Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän bitaraplyk,
parahatçylyk söýüjilikli hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünlikli
amala aşyrylýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz
Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Munuň özi halkara derejeli iri
forumlaryň hem-de türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy we häzirki döwürde
gazananlary bilen ýakyndan tanyşmak isleýän daşary ýurtly myhmanlary mynasyp
kabul etmek üçin ähli şertleriň döredilmegini talap edýär.
Hormatly Prezidentimiz
paýtagtymyz iň ýakymly täsirleri galdyrmalydyr diýip, ýetip gelýän Halkara
Bitaraplyk güni we Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça anyk tabşyryklar berdi. Mundan
başga-da, Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak, ilatyň
ýaşamagy we zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek, ýaşaýyş jaýlarynda hem-de
durmuş maksatly desgalarda ýyladyş, energiýa we gaz üpjünçilik ulgamlarynyň
sazlaşykly işini üpjün etmek meselelerini berk gözegçilikde saklamak
tabşyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideoşekilli iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.