Düýn geçirilen wideokonferensiýada döwlet
Baştutanymyz welaýatlary senagat taýdan ösdürmek, olaryň innowasion kuwwatyny
artdyrmak üçin täze senagat kärhanalaryny döretmek boýunça taslamalary amala
aşyrmak üçin daşary ýurt maýalarynyň çekilmegini häkimleriň esasy wezipeleriň
hatarynda kesgitledi. Häzir ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň
netijeli işlemegi üçin amatly şertler döredildi diýip, milli Liderimiz bu
babatda özara bagly işleriň toplumyny göz öňünde tutmagy tabşyrdy.
Mundan
başga-da, her welaýatyň çig mal binýadyny, işgärler düzümini hem-de adam
mümkinçiliklerini işjeň ulanmak maksady bilen, her sebitiň içerki serişdelerini
öwrenmegiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
häkimlere anyk tabşyryklary berdi.
Şeýle hem
döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanylýan maksatnamalarda durmuş we önümçilik
düzümlerini toplumlaýyn ösdürmek üçin ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy
tejribäni nazara almagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda,
hormatly Prezidentimiz geljekde hem ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş
jaýlarynyň, döwrebap obalaryň, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen
önümçilik toplumlarynyň döredilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, şunda
ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmegini hem-de onuň hal-ýagdaýynyň
ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.