milli goshun logo
Döwlet Baştutany Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Döwlet Baştutany Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan foruma gatnaşyjylara Gutlag iberdi
26.04.2019 780 Habarlar

Hormatly halkara sergi-ýarmarka hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Gadyrly myhmanlar!

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli sizi ýurdumyzda geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň açylmagy hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biziň merdana halkymyz gadymy döwürlerden bäri özüniň nepis halysy, altyn-kümüş şaý-sepleri we gamyşgulak bedew aty bilen şöhratlanyp gelipdir. Behişdi bedewlerimiz milletimiziň buýsanjy we müňýyllyklaryň dowamynda döreden ajaýyp gymmatlyklarynyň biridir. Şoňa görä-de, Garaşsyz Watanymyzda atçylygy we atly sporty ösdürmäge döwlet derejesinde uly üns berilýär. Ussat atşynaslary, seýisleridir çapyksuwarlary we hünärmenleri taýýarlamak, olaryň ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligini gowulandyrmak üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Ata-babalarymyzyň asylly ýol-ýörelgeleri gaýtadan dikeldilip, türkmeniň atşynaslyk sungaty täze rowaçlyklara eýe bolýar. Ýyndamlygy hem-de gözelligi bilen şan-şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewlerimizi ýetişdirmekde merdana pederlerimiziň ýoly dowam etdirilýär. Biziň gyz gylykly bedewlerimize dünýä ýüzünde uly gyzyklanma bildirilýändigi üçin daşary ýurtlardaky ahalteke atçylyk assosiasiýalary bilen hem hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär.

Ak mermerli paýtagtymyzdaky Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkunyň täzelenmegi, Ahal welaýatynda Köpetdagyň etegindäki Halkara atçylyk-sport toplumynyň hem-de Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň gurlup, ulanmaga berilmegi, atçylyk sporty boýunça okuw merkeziniň döredilmegi Garaşsyz Diýarymyzda atçylyk sungatyny ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyň görkezýär.

Eziz myhmanlar!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň milli buýsanjyna, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramyny we onuň çäginde baýramçylyk dabaralaryny, bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl hem baýramçylyk mynasybetli atçylyk pudagy boýunça halkara sergi-ýarmarkanyň geçirilýändigini we oňa dünýäniň ençeme döwletlerinden köp sanly myhmanlaryň gatnaşýandygyny bellemek örän ýakymlydyr.

Bu baýrama bagyşlanyp geçirilýän «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahata daşary ýurtlardan belli alymlaryň, atşynaslaryň we bilermenleriň gatnaşmagy ençeme müňýyllyklaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän, umumadamzat gymmatlygyna öwrülen ahalteke bedewlerimiziň tohum atlaryň arasynda iň naýbaşylarynyň biri hökmünde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmeginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Men «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarkanyň we ylmy maslahatyň Garaşsyz döwletimiziň atçylyk pudagynda gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri bilen halkara jemgyýetçiligi giňden tanyşdyrmakda, dünýäniň meşhur atşynaslary bilen özara tejribe alyşmakda, gyzyklanma bildirýän kompaniýalar we hususy atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly adamlar!

Garaşsyz döwletimizde atçylyk pudagyny ösdürmek, atşynaslyk sungatyny yzygiderli kämilleşdirmek üçin, türkmen atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we atçylyk bilen meşgullanýan beýleki hünärmenler dünýäniň atçylyk pudagy boýunça ösen döwletlerine iş saparlaryna gidýär. Halkara sergilere, bäsleşiklere we maslahatlara işjeň gatnaşýar. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň Watanynda hem çäreleriň halkara derejede giň gerimde geçirilmegine öz täsirini ýetirýär.

Biz merdana halkymyzyň uçar ganaty bolan gamyşgulak bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, atly sport bäsleşiklerini, at üstündäki milli oýunlary, ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiklerini geçirmek we seçgi-tohumçylyk işini gowulandyrmak, atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikleri dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri bilen utgaşdyryp, kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işlere geljekde hem uly üns bereris.

Gadyrly myhmanlar!

Hormatly halkara sergi-ýarmarka we ylmy maslahata gatnaşyjylar!

Sizi Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilýän halkara sergi-ýarmarkanyň hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI halkara ylmy maslahatyň öz işine başlamagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, atçylygy ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.