milli goshun logo
Dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa
Dostlukly gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa
2 gün öň 40 Habarlar

Düýn – 19-njy dekabrda Malaýziýanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Malaýziýa şu resmi saparynyň iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirip, Türkmenistanyň Malaýziýa bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge uly üns berýändigini belledi.

Söhbetdeşler netijeli syýasy dialogy mundan beýläk-de giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky pikirlerini beýan edip, döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan hem-de Türkmenistanyň we Malaýziýanyň halklarynyň arasynda dostlugy pugtalandyrmaga ýardam berýän medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy höweslendirmegiň möhümdigini nygtadylar. Şeýle-de taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit hem-de halkara syýasatyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.