milli goshun logo
Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk
Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk
12.09.2024 48 Habarlar

Düýn – 11-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda energetika, ulag-kommunikasiýa, logistika desgalary işe girizildi hem-de giň gerimli taslamalaryň gurluşygyna badalga berildi.

Aýratynlykda belläp geçsek, Serhetabat – Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik demir ýol köprüsiniň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda «Şatlyk-1» gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat – Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat – Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň, «Turgundy» demir ýol bekediniň «gury portunda» ammarlar toplumynyň, Turgundy – Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy – Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga bermek, şeýle hem Türkmenistan – Owganystan – Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän «Nur-el-Jahad» elektrik bekedini işe girizmek dabaralary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysynda möhüm sahypany açan taryhy ähmiýetli wakalar boldy.