6-njy dekabrda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer B.Öwezow
Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumynyň ministrlikleriniň hem-de
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýanwar — noýabr aýlarynda ýerine ýetiren
işleriniň jemleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Garalýan döwürde bu düzümler
tarapyndan önümçilik meýilnamasy 120 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 118
göterime barabar boldy.
Dokma senagaty
ministrligi boýunça önüm öndürmegiň ösüş depgini 143 göterime ýetirildi.
Senagat we
kommunikasiýa ministrligi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek we önüm öndürmek
boýunça 107 göterim üpjün edildi.
Awtomobil,
demir ýol, howa we deňiz ulaglary arkaly ýük daşamakda ösüş depgini 103,3
göterim, ýolagçy gatnatmakda bu görkeziji 100,5 göterim derejesine ýetirildi.