23-nji
awgustda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde
wise-premýer M.Çakyýew dokma pudagynyň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk
görnüşini kämilleşdirmek, şolaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda
görülýän çäreler barada habar berdi.
Döwlet
Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu ugurda degişli işler geçirildi. Şunuň
bilen baglylykda, «S.A.Nyýazow adyndaky Gypjak dokma toplumy» açyk görnüşli
paýdarlar jemgyýetini döretmek hem-de Büzmeýin etrabyndaky pagta egirme
galyndylaryny gaýtadan işleýän kärhanany paýdarlar jemgyýetine öwürmek baradaky
teklipler milli Liderimiziň garamagyna hödürlenildi.
Hormatly
Prezidentimiz hödürlenen teklipleri makullady hem-de wise-premýere bu ugurdaky
maksadalaýyk işleri dowam etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.