milli goshun logo
Doganlyk döwletiň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
Doganlyk döwletiň ýöriteleşdirilen sergisi açyldy
17.12.2024 218 Habarlar

Düýn – 16-njy dekabrda Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Agrofood» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady, şeýle hem onuň çäklerinde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.

Häzirki wagtda Türkmenistan sebitiň ýurtlary bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şunda goňşy Eýran Yslam Respublikasyna möhüm orun degişlidir. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga täze itergi berjek, özara bähbitli täze ugurlary ýüze çykarmak, tejribe alyşmak, işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýän sergi munuň aýdyň güwäsidir.

Günüň ikinji ýarymynda bu ýerde Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçirildi.