milli goshun logo
DIM-de ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
DIM-de ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirildi
28.04.2020 1029 Habarlar

27-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň ýurdumyzda işleýän agentlikleriniň hem-de ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Bilelikdäki meýilnamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmekde özara gatnaşyklaryň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Duşuşykda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýurdumyza howply ýokanç keselleriniň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça zerur bolan çäreleriň görülýändigi aýratyn bellenildi. Degişli işler Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda hem-de milli kanunçylygy nazara almak bilen geçirilýär.