milli goshun logo
DIM-de geçirilen brifing
DIM-de geçirilen brifing
23.04.2020 569 Habarlar

22-nji aprelde Daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek we saglygy goraýyş ulgamynda geçirilýän işler barada pikir alşyldy.

Saglygy goraýyş ulgamynyň öňüni alyş işleriniň düýpli güýçlendirilmegine gönükdirilmegi, ýokanç keselleriň öňüni almak, häzirki zaman jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýäni we sporty, esasan-da, ýaş nesliň arasynda giňden wagyz etmek soňky ýyllarda geçirilen anyk çäreleriň hatarynda görkezildi.

«Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary bilen milli saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça netijeli işler geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gönüden-göni ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan köpugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, bu ulgam dünýä derejesine çykaryldy, ilata edilýän hyzmatlaryň görnüşleri has giňeldildi we hili ýokarlandyryldy.

Brifinge gatnaşyjylar öz halkynyň saglygy hem-de beden taýdan kämillik meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary hem-de wagyzçysy bolan milli Liderimiziň şahsy göreldesine eýerip, geljekde hem öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin ähli güýçlerini hem-de bilimlerini aýamajakdyklaryna ynandyrdylar.