20-nji
sentýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Çakyýew
«Türkmensenagat» agentliginiň edara-kärhanalarynyň işini mundan beýläk-de
döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem deňizçilik okuw merkezini açmak boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň
Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň
Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň binýadynda
döwrebap hem-de ugurdaş käriň hünärmenlerini taýýarlamak üçin ýörite tälim
beriş enjamlar bilen enjamlaşdyrylan Deňizçilik okuw merkezini döretmek boýunça
alnyp barylýan işler barada habar berildi.
Milli Liderimiz Hazar deňziniň sebitinde hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, deňizde ylmy barlaglary geçirmegiň, deňiz ugurly hünäriň hünärmenleriniň taýýarlanylmagy we deňizçilik okuw merkeziniň döredilmegi boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmegiň zerurdygyny nygtap, şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.