27-nji martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan senesine
laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň daýhanlary gowaça ekişine girişdiler. Bu
welaýatda gowaça ekişine howa ýagdaýlary nazarda tutulyp, ýurdumyzyň beýleki
sebitlerinden biraz gijiräk badalga berilýär.
Asylly däbe
görä, ekiş möwsümini hormatly ýaşulular başlap, oňa ak pata berdiler. Beýik
Biribardan Watanymyza, türkmen halkyna, milli Liderimize abadançylyk we
rowaçlyk dileg edip, olar topraga ilkinji tohumlary taşladylar. Soňra ýaşulular
nobaty mehanizatorlara berdiler.
Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda gowaça ekmek üçin 140 müň gektar ýer taýýarlanyldy. Şu ýyl pagtaçy kärendeçiler Watan harmanyna 230 müň tonna «ak altyn» tabşyrmagy meýilleşdirdiler. Welaýatyň pagtaçy kärendeçileri gowaçanyň «Daşoguz — 120», «Serdar», «G — 4727», «Jeýhun», «149F» ýaly sortlaryny ekmegi meýilleşdirdiler.