Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýokary amatlykly köp öýli jaýlaryň dördüsi ulanmaga berildi.
32 öýli dört gat jaýlaryň ikisini we 16 öýli jaýlaryňam ikisini «Göllibaý» Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri Daşoguz köçesinde bina etdiler. Bular köne jaýlaryň ornunda gurulýan ýaşaýyş jaý toplumynyň bir bölegi boldy.
Şäherde täze jaýlar geljekki ýaşaýjylaryň paýy esasynda gurulýar. Döwlet tarapyndan ýerli telekeçiligiň goldanylmagy, gurluşyk bazaryna Daşoguzyň dürli ýerlerinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesini guran hususy düzümleriň giňden çekilmegi ýaşaýyş jaý gaznasyny has-da artdyrmaga mümkinçilik berdi.