milli goshun logo
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
01.04.2021 591 Habarlar

31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Daşoguz welaýatynyň ekerançylary gowaça ekişine girişdiler. Bu ýerde howa şertlerine görä, gowaça ekişi ýurdumyzyň beýleki sebitlerinden biraz giç başlanýar.

Asylly däbe görä, hormatly ýaşulular gowaça ekişine ak pata berdiler. Olar Watanymyzyň, halkymyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiziň başynyň dik bolmagyny Beýik Biribardan diläp, gowaçanyň ilkinji dänelerini topraga atdylar, soňra mehanizatorlara gezek berdiler.

Şu ýyl demirgazyk welaýatda gowaça ekiljek ýerler 155 müň gektara deň bolup, şol ýerlerden “ak altynyň” 275 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ekerançylary pagtanyň “Daşoguz-120”, “Daşoguz-114”, “Gubadag-3”, “S-4727”, “Jeýhun”, “149 F” ýaly orta süýümli sortlaryny ekýärler.