milli goshun logo
Daşoguz welaýatynda ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
Daşoguz welaýatynda ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
29.06.2019 700 Habarlar

28-nji iýunda Daşoguz welaýatynda köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň üçüsiniň açylyş dabarasy boldy. Şolarda bagtyýar maşgalalaryň 72-si jaý toýlaryny tutdular.

Görogly köçesiniň ugrunda bina edilen dört gatly jaýlar bu ýerde döredilýän ýaşaýyş toplumynyň bir bölegine öwrüldi. 16 we 14 öýli jaýlaryň ikisini «Atalyk gurluşyk» hususy kärhanasynyň hünärmenleri, 32 öýli bir jaýy bolsa «Daş ussat» hususy kärhanasynyň işgärleri gurdular.

Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýler şäher gurluşygynyň ýokary talaplaryna laýyk gelýär. Döwrebap enjamlaşdyrylan aşhanasy bolan we beýleki amatlyklary özünde jemleýän 3 — 4 otagly öýler ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaga mümkinçilik berýär. 4 otagly öýüň umumy meýdany 200 inedördül metrden, 3 otagly öýüň umumy meýdany bolsa 170 inedördül metrden hem geçýär, şolaryň beýikligi 3 metrden gowrakdyr.