milli goshun logo
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
Daşoguz welaýatynda täze şäherçe dabaraly açyldy
1 gün öň 45 Habarlar

Şu gün Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginde täze, döwrebap şäherçäniň hem-de awtomobil köprüleriniň açylyş dabarasy boldy. Şäherçä Bitaraplyk adynyň dakylmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly senesiniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat, etrap halk maslahatlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, welaýatyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Bu ýerde medeniýet we sungat işgärleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze köprülerden ilkinji awtoulaglar geçip başlaýar. Döwrebap ýol-ulag desgalary awtoulaglaryň iki tarapa hem bökdençsiz hereket etmegini üpjün edýär. Köprüleriň ugrunda germewler, yşyklandyryş ulgamlary çekilipdir.

Soňra dabara gatnaşyjylar Bitaraplyk şäherçesiniň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldiler. Bu ýerde, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwrebap şäherçäniň açylyş dabarasy mynasybetli iberen Gutlagy okaldy.

Dabara gatnaşyjylar täze şäherçede döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdylar. Bitaraplyk şäherçesi 400 sany döwrebap ýaşaýyş jaýyny, geňeşligiň edara binasyny, saglyk öýüni, önümçilik maksatly häzirki zaman desgalaryny özünde jemleýär. Şeýle hem bu ýerde körpeleriň 160-syna niýetlenen çagalar bagy hereket edýär. Onda ýaş toparlarynyň aýratynlyklary nazara alnyp, çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Täze şäherçäniň 420 orunlyk orta mekdebinde ösüp gelýän nesliň döwrebap bilim almagy, ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulypdyr. Mundan başga-da, bu ýerde 200 orunlyk medeniýet öýi, 500 orunlyk toý mekany, hyzmatlar öýi, aragatnaşyk bölümi, ýangyn söndüriji gullugyň desgasy, seýilgäh bar. Täze şäherçede gurlan söwda merkezinde alyjylara harytlaryň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Şäherçäniň açylyş dabarasy bagtyýar ýaşaýjylaryň jaý toýlary we beýleki dabaralar bilen utgaşdy. Ýurdumyzda gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, täze şäherçedäki bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynda-da hemme zerur şertler döredilipdir. Döwrebap jaýlaryň giň we ýagty otaglary iň täze hojalyk enjamlary bilen üpjün edilip, ýokary hilli enjamlaşdyrylan aşhanadyr beýleki otaglar amatly durmuş gurşawyny döredýär. Olaryň gurluşygynda ýurdumyzda öndürilen häzirki zaman binagärlik, bezeg serişdeleri ulanyldy. Ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylyp, köçeleriň ugrunda, mellek ýerlerinde dürli bag nahallary oturdylypdyr.