milli goshun logo
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler
12.06.2021 438 Habarlar

Türkmenistanda orak möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Toprak-howa şertlerine laýyklykda, oraga 4-nji iýunda başlan Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylarynyň yz ýany bilen, 11-nji iýunda Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem bugdaý oragyna girişdiler. Möwsümiň başlanmagyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly 2-nji iýunda geçirilen iş maslahatynda ak pata berdi.

Daşoguz hem-de Balkan welaýatlarynda oragyň başlanmagynyň öňüsyrasynda welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleriniň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, kärendeçi gallaçylaryň gatnaşmagynda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlaryna gatnaşanlaryň üns merkezinde orak möwsüminde degişli derejede guramaçylygy üpjün etmek, galla oragyna gatnaşýan ähli düzümleriň işiniň takyk we sazlaşykly bolmagyny gazanmak meseleleri boldy.