milli goshun logo
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary bugdaý oragyna girişdiler
13.06.2019 1321 Habarlar

Ýurdumyzda galla oragynyň depgini barha giň gerime eýe bolýar. 12-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem güýzlük bugdaýyň oragyna girişdiler.

Daşoguz welaýatynda bugdaý ekilen 157 müň gektardan, ekerançylar 300 müň tonna bugdaý ýygnamagy maksat edinýärler. Gallaçylar ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan bugdaý sortlaryny ekdiler.

Balkan welaýatynyň gallaçylary barada aýdanyňda bolsa, olaryň döwlet borçnamasy 120 müň tonna bugdaý ýygnamakdan ybaratdyr.

Şu ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň öňünde 1 million 600 müň tonna möçberde bugdaý hasylyny ýygnamak wezipesini goýdy.