Hormatly
Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň
ekerançylary 14-nji iýunda galla oragy möwsümine girişdiler.
Daşoguz we Balkan
welaýatlarynda Watan harmanyna altyn dänäniň ilkinji tonnalarynyň ugradylmagy
mynasybetli dabaralaryň çäklerinde bugdaýly meýdanlaryň töwereginde ýurdumyzyň
obasenagat toplumynyň önümleriniň sergileri guralyp, olarda häzirki zaman oba hojalyk
tehnikalarynyň nusgalary görkezildi. Galla oragyna girişilmegi mynasybetli
önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi. Olarda möwsümi degişli derejede guramak,
däne ýygnamak işlerini talabalaýyk we sazlaşykly geçirmek bilen bagly meseleler
ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýeri gelende
bellesek, şu ýyl Daşoguz welaýatynda 265 müň, Balkan welaýatynda bolsa 80 müň
tonna bugdaý hasylyny ýygnap almak wezipesi goýuldy.