11-nji
dekabrda Daşoguz şäherinde «Älem açar» hususy kärhanasynyň hünärmenleri
tarapyndan bina edilen täze Saglyk merkezi ulanylmaga berildi.
Iki gatly bina
Şagadam köçesiniň ugrunda bina edilýän täze iri ýaşaýyş toplumynyň düzüm
bölekleriniň birine öwrüldi. Bu toplumda oňaýly köp öýli jaýlaryň onlarçasy
hem-de durmuş-medeni maksatly desgalar bar.
Umumy meýdany
bir gektardan gowrak bolan Saglyk merkezi ilata bejeriş we anyklaýyş häsiýetli
hyzmatlaryň köp görnüşini hödürlär. Ol dürli keselleri öz wagtynda ýüze
çykarmaga hem-de bejermäge ýardam edýän Ýewropada öndürilen täze enjamlar bilen
üpjün edildi.
Täze lukmançylyk edarasynda onlarça dolandyryş we lukman otaglary, sanjym otaglary, hirurgiýa bejeriş otagy, barlaghana, dermanhana ýerleşdirildi. Dermanhananyň önümleriniň görnüşlerinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe jiltlik ylmy işinde Türkmenistanyň çäklerinde ösüp ýetişýän dermanlyk ösümliklerinden taýýarlanylan serişdeler hem giňden goýlupdyr.