5-nji iýunda
paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä
gününe bagyşlanan «Merkezi Aziýada durnukly ösüşi üpjün etmekde suw
diplomatiýasynyň orny» atly Halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Oba
hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi, Suw hojalygy baradaky döwlet
komiteti hem-de Daşary işler ministrligi bilelikde gurady.
Bu foruma
ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň tebigaty goraýyş edaralarynyň we
düzümleriniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, pudaklaýyn düzümleriň wekilleri,
Ylymlar akademiýasynyň we ýokary okuw mekdepleriniň alym-ekologlary
gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda suw serişdeleriniň çeşmelerini dikeltmekde köptaraply gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik görnüşleri hökmünde suw diplomatiýasynyň möhüm orny, olaryň parasatly we tygşytly sarp edilişi 2015-nji ýylyň aprelinde Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen Bütindünýä suw maslahatynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilkinji gezek beýan edilendigi aýratyn bellenildi. Şeýle hem sebit gatnaşyklarynyň oňyn ösüşi, sebitde suw diplomatiýasyny mundan beýläk-de ösdürmek, milli, sebit we halkara merkezlerine goldaw bermekde netijeli gatnaşyklaryň meseleleri boýunça utgaşdyrylan çäreleri işläp taýýarlamak üçin mümkinçilikleriň artýandygy nygtaldy.