Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ählumumy gerimi (SGHÄG) meselesi COVID-19 pandemiýasyna hem-de onuň getirýän netijelerine garşy çäre görmek bilen baglylykda maliýe we saglygy goraýyş ministrleriniň onlaýn görnüşde geçirilen bilelikdäki maslahatyň gün tertibine girizildi, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy.
Aziýanyň Ösüş banky, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy hem-de Ýaponiýanyň Maliýe ministrligi tarapyndan guralan onlaýn görnüşdäki duşuşygyň esasy maksady täze görnüşli koronawirusyň ýaýramagyna garşy göreş hem-de saglygy goraýyş ulgamyna we SGHÄG-ne maýa goýumlaryny gönükdirmek meseleleri boýunça tejribe alyşmakdan ybarat boldy.
COVID-19 pandemiýasy ýüze çykan pursadyndan başlap, Türkmenistanyň tizden-tiz zerur çäreleri görmäge girişendigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda öz wagtynda toplumlaýyn gorag çäreleri geçirildi, koronawirus keseline garşy göreş boýunça bitewi milli strategiýa işlenip düzüldi.
Döwlet Baştutanymyzyň täze wehime garşy göreşde, şol sanda ylmy diplomatiýanyň we BSGG-niň ugry boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça halkara tagallalarynyň birleşdirilmegine gönükdirilen möhüm başlangyçlary dünýä bileleşiginiň makullamagyna we goldawyna eýe boldy.