11.04.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
04.03.2021 111 Habarlar

3-nji martda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde onlaýn görnüşinde Türkmenistanyň we Germaniýanyň fizioterapewt hünärmenleriniň duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda türkmen klinikalarynyň we saglygy goraýyş edaralarynyň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagynyň, iň täze usullary we lukmançylyk innowasiýalaryny özleşdirmäge çynlakaý gyzyklanylmagynyň, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň halkyň iň gymmatly baýlygyny we abadançylygyny goramak üçin mümkinçilikleri döredýändigi bellenildi.

***

Şeýle-de, şol gün Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri GDA-nyň Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan guralan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň bilermenleriniň iki günlük onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar.

Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen bu duşuşyk weterinariýa ulgamynda hyzmatdaşlyga, haýwanlaryň kesellerini öz wagtynda anyklamaga hem-de öňüni almaga gönükdirilen ylmy-barlag maksatnamalarynyň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bagyşlandy.