4-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministriniň BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti boýunça Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça komissiýasynyň (ESKATO) ýerine ýetiriji sekretary, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Armida Salsiýa Alişahbana bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi.
Taraplar Türkmenistanyň ESKATO bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler, hususan-da onuň energetika, statistika, söwda we ulag, migrasiýanyň dolandyrylmagy, tebigy heläkçilikleriň peseldilmegi hem-de beýleki ileri tutulýan ugurlar bilen täze mazmuna eýe bolýandygyny bellediler. Pandemiýa bilen baglylykda dünýä ýüzünde emele gelen ýagdaýlar ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn mowzugyna öwrüldi.
Duşuşykda Howpsuz, kadalaşdyrylan we kanuny migrasiýa hakyndaky Global şertnamanyň (MGŞ) nazara almak bilen bilelikdäki hereketler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli derejede durmuşa geçirilýän migrasiýa ulgamyndaky Türkmenistanyň anyk hereketleri beýan edildi.