17-nji dekabrda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda wideomaslahat görnüşinde Türkmenistan bilen Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi. Onuň wekiliýetine Belgiýa Patyşalygynyň Daşary işler, daşary söwda we ösüş ugrundaky hyzmatdaşlyk boýunça federal döwlet gullugynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklar boýunça Baş direktory Anik Wan Kalster ýolbaşçylyk etdi.
Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
***
Şeýle-de, şol gün «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde wideoaragatnaşyk boýunça BMG-niň Çagalar gaznasynyň (UNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand bilen duşuşyk geçirildi, onda kommunikasiýa tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.