Şu günler Parlamentara bileleşigiň wideomaslahat görnüşinde geçirilýän nobatdaky assambleýasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary gatnaşýarlar, maslahat 28-nji maýda tamamlanýar.
Şu gezekki forumyň dowamynda parlamentleriň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi, olar adam hukuklary, ýaşlar we zenanlar, şeýle hem halkara hyzmatdaşlyk, halkara syýasat hem-de pandemiýa ýaly meseleler boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Assambleýanyň barşynda birnäçe kararnamalaryň, şol sanda «Tebigy heläkçilikler we olaryň netijeleri bilen baglanyşykly wehimlere hem-de gapma-garşylyklara garşy durmagyň çäklerinde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça parlament strategiýalary» hem-de «Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, jogapkärli sarp etmek we önümçilik ugrunda sanlylaşdyrmagy hem-de sirkulýar ykdysadyýeti ilerletmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegine garaşylýar.