milli goshun logo
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyk
25.08.2020 912 Habarlar

24-nji awgustda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri Dubaý şäherinde geçiriljek (Birleşen Arap Emirlikleri) “EKSPO-2020” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçylary bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly guralan duşuşyga gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda Bütindünýä forumyny geçirmek bilen baglanyşykly guramaçylyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Habar berlişi ýaly, dünýäde emele gelen epidemiologiýa ýagdaýyny hasaba alyp, Türkmenistan “EKSPO-2020”-ni indiki ýyla geçirmek barada BAE-niň öňe süren başlangyjyny goldady.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de netijeli pikir alyşmalary dowam etmek baradaky garaýyşlary beýan etdiler, şunda häzirki zaman sanly tehnologiýalary ulanmak mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.