Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary parlamentleriň ýolbaşçylarynyň iki günlük Bütindünýä bäşinji maslahatyna gatnaşdylar. Onlaýn görnüşinde geçen bu maslahat Parlamentara birleşik tarapyndan Awstriýanyň parlamentiniň we Birleşen Milletler Guramasynyň hyzmatdaşlyk etmeginde guraldy.
Foruma gatnaşyjylar interaktiw söhbetdeşlikde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynda çözülmegine aýratyn ähmiýet berilýän meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, parlamentara hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, döwrüň ählumumy wehimlerine garşy durmak we 2030-njy ýyla çenli döwürde durnukly ösüş babatynda Gün tertibini ilerletmek baradaky meselelere üns berildi.
Söhbetdeşligiň esasy meseleleriniň hatarynda «Demokratiýa we XXI asyrda parlamentiň üýtgeýän orny», «Ylym, tehnologiýa we etika: täze wehimler hem-de gaýragoýulmasyz çözgütler», «Hemmeler üçin abadançylygy we adalatlylygy üpjün edýän inklýuziw hem-de durnukly ykdysadyýeti döretmek» mowzuklary bar.
Forumyň jemleri boýunça Jarnama kabul edildi. Onuň mazmuny maslahatyň «Halklaryň we dünýäniň parahatçylygyny hem-de durnukly ösüşini üpjün edýän netijeli köptaraplaýyn çemeleşmäniň bähbidine parlament liderligi» diýen umumy mowzugyna laýyk gelýär.