Şu gün
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen
gelen Ýewropanyň maýa goýum bankynyň Aziýa, Merkezi Aziýa we Ýuwaş umman sebiti
boýunça departamentiniň başlygy Edwardas Bumsteinasyň ýolbaşçylygyndaky
wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda
Türkmenistanda amala aşyrylýan ykdysady ösüş strategiýasynda halkara
hyzmatdaşlygy giňeltmäge, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz
düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýändigi
bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, geçen ýylyň aprelinde hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyran iş
saparynyň dowamynda Samarkant şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa — Ýewropa
Bileleşigi» birinji sammitiniň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň
ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyna üns çekildi. Taraplar şu barada aýdyp, özara
bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler.
Myhmanlaryň
ýurdumyza iki günlük saparynyň maksady Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum
bankynyň arasynda Çarçuwaly ylalaşygyň taslamasy boýunça jemleýji gepleşikleri
geçirmekden ybaratdyr. Wekiliýet agzalarynyň Türkmenistanyň Maliýe we
ykdysadyýet ministrliginde bolan duşuşygynda geçen ýylyň dowamynda hem-de şu ýyl
ministrlik tarapyndan degişli ylalaşygyň taslamasyna birnäçe gezek garalandygy
hem-de taslama boýunça garaýyşlaryň beýan edilendigi nygtaldy we şu saparyň
çäklerinde bu ylalaşygyň gutarnykly görnüşiniň ylalaşylmagyna umyt bildirildi.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan üçin Ýewropanyň maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk birnäçe
ileri tutulýan ugurdan ybarat. Şolaryň biri ulag ulgamynda, mysal üçin,
Hazarüsti ulag geçelgesini maliýeleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek bilen
baglydyr. Hazarüsti ulag geçelgesiniň döredilmegi Merkezi Aziýa we Ýewropa
döwletleriniň ulag boýunça arabaglanyşygyny has-da gowulandyrmaga mümkinçilik
berer. Bulardan başga-da, häzirki wagtda SPECA maksatnamasynyň çäklerinde bu
geçelgäni sanlylaşdyrmak babatda “Ýol kartasyny” durmuşa geçirmek boýunça
işleriň amala aşyrylýandygy aýdyldy.
Ýewropanyň
maýa goýum banky bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ýene bir ugry sanly ulgamy öz içine
alýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň strategik ugry
hökmünde sanly özgertmelere aýratyn ähmiýet berýändigi nygtaldy. Energetika,
suw hojalygy ulgamyndaky taslamalar hem möhüm maýa goýum taslamalarydyr. Şoňa
görä-de, duşuşykda energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine
üns çekilip, Türkmenistanda bu ulgamy diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bir
hatarda, arassa, daşky gurşawa zyýansyz “ýaşyl” energetika boýunça
maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy barada aýdyldy. Ýewropa banklarynyň
ýurdumyzda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna we täze
başlangyçlara gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri bar.
Türkmenistan
oba hojalyk pudagyny ösdürmäge, hususan-da, suw serişdelerini tygşytly we
rejeli peýdalanmaga aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýewropanyň
maýa goýum bankynyň suwaryş desgalarynyň gurluşygy, ýokary tehnologik enjamlary
ornaşdyrmak boýunça degişli edaralar bilen hyzmatdaşlygynyň goldanylýandygy
aýdyldy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan ägirt uly uglewodorod gorlaryna eýe
bolup, çig maly we taýýar uglewodorod önümlerini işjeň eksport edýär. Bu
babatda ileri tutulýan ugurlar uglewodorodlary öndürmek hem-de taýýar önüme
öwürmek üçin gaýtadan işlemek boýunça taslamalardan ybaratdyr.
Duşuşygyň
ahyrynda beýan edilen ugurlar boýunça Türkmenistan bilen Ýewropanyň maýa goýum
bankynyň arasynda geljekde netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp baryljakdygyna ynam
bildirildi.
***
Paýtagtymyzda
«Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň Germaniýa
Federatiw Respublikasynyň «BASF Group» konserniniň Şweýsariýa
Konfederasiýasynda ýerleşýän «BASF Intertrade AG» kompaniýasynyň işewürligi
ösdürmek boýunça ýolbaşçysy W.Nikitin bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda
ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlaryna garaldy. Taraplar özara
bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýardyklaryny, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy
çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Duşuşyga
gatnaşyjylar ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine garap, işleriň
häzirki ýagdaýlary barada durup geçdiler hem-de gyzyklanma bildirilýän
meseleler boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşdylar. Şunda taraplar tekliplerini beýan edip, olary öwrenmegiň
ýakyn geljek üçin meýilnamalary durmuşa geçirmäge hyzmat etjekdigine ynam
bildirdiler.
Ýeri
gelende bellesek, “BASF” kompaniýasy Türkmenistanda sebitleýin taslamalara
işjeň gatnaşýar. Mysal üçin, kompaniýanyň gaz arassalaýjy enjamlary Gyýanlydaky
täze gazhimiýa toplumy üçin saýlanyp alyndy. Zerur bolanda, kompaniýa tehniki
goldawlaryny we maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirip biler. Duşuşygyň
dowamynda taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada jikme-jik pikir
alyşdylar.