milli goshun logo
Daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglanyşmak üçin ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawy tassyklandy
Daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglanyşmak üçin ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawy tassyklandy
27.03.2020 1192 Habarlar

26-njy martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy, milli ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini saklamak boýunça görülýän anyk çäreler barada hasabat berdi.

Eksport önümlerini sertifikatlaşdyrmak ulgamyny kämilleşdirmegiň çäklerinde geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat bermek bilen, wise-premýer «Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawyny tassyklamak hakynda» Kararyň hem-de «Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda, sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň sanawyny tassyklamak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralynda çykaran 14594-nji Kararyny güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Kararyň taslamalaryny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Habar berlişi ýaly, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şol resminamalar «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy, Döwlet gümrük gullugy hem-de degişli pudaklaýyn edaralar bilen bilelikde taýýarlanyldy, şeýle hem beýleki käbir düzümler bilen bellenilen tertipde ylalaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Kararlara gol çekip, resminamalary wise-premýere elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly iberdi hem-de şol kadalaşdyryjy namalaryň ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.