Türkmenistanyň harby we hukuk
goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalary kabul edişlik
başlandy. Watan goragçysy diýen asylly käriň eýesi bolmagy arzuw edýän ýaş
watandaşlarymyz degişli arzalar bilen ýurdumyzyň harby wekilliklerine ýüz
tutýarlar.
Dalaşgärleriň köpüsi Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň harby ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin
resminamalary tabşyrýarlar. Bu okuw mekdepleriň harby talyplary geljekde hem
gury ýerde, hem deňizde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň goranyş
ukyplylygyna mynasyp goşandyny goşmaly.
– Harby ýokary okuw mekdebine
girmäge meni rota serkerdämiz höweslendirdi. Ol hakykatdanam berk bedenli, ruhy
taýdan kämil adam. Mümkinçilik boldugyndan ol öz harby talyp durmuşyndan
gyzykly wakalary gürrüň berýärdi. Harby institutda men wepaly dostlary tapyp,
çylşyrymly söweşjeň tehnikany ýokary derejede dolandyrmagy öwrenesim gelýär –
diýip, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutyň dalaşgäri Şöhrat
Saparow aýdýar.
Web-saýtymyzyň «Okuw ýyly» bölüminden
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýokary okuw mekdeplerine kabul ediş
tertibi bilen tanşyp bilersiňiz.
«Milli goşun».