17-nji maýda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sanly
wideoaragatnaşyk arkaly bilelikdäki mejlisinde wise-premýer M.Meredow nebiti we
gazy çykarmagyň hem-de gaýtadan işlemegiň mukdaryny has-da köpeltmek,
ýangyç-energetika toplumynyň çig-mal binýadyny pugtalandyrmak, nebitgaz
senagatynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga
gönükdirilen birnäçe iri maýa goýum taslamalaryny öňe ilerletmek maksady bilen
görülýän çäreler barada hasabat berdi.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň çäklerinde ýerleşen «Täjibaý» diýen geljegi uly meýdançada geçirilýän geologiýa-barlag işleriniň netijeleri barada hem habar berildi. Bu ýerde 2 müň 400 metr çuňlugy bolan guýynyň buraw işleri tamamlanyp, şol ýerden senagat ähmiýetli kükürtsiz tebigy gazyň akymy alyndy. Häzirki wagtda «Türkmengaz» döwlet konserniniň ylmy-barlag instituty tarapyndan täze açylan ýatagyň gorlaryny hasaplamak işleri alnyp barylýar.