Düýn – 5-nji martda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa degişli ýolbaşçylar bilen täze şäheriň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde alnyp barylýan işler barada pikir alyşdy. Şeýle hem bu ýerde gaznanyň işini mundan beýläk-de ýokary derejede ýola goýmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde operasiýa geçirilen çagalaryň bu ýerde degişli dikeldiş bejergilerini alýandyklary barada aýdyldy.
Körpe nesilleriň şadyýan owazlary bu ýerde guralan dabaraly çäre bilen utgaşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan gyzjagazlara hormatly Prezidentimiziň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy. Olar sowgatlary hoşallyk duýgusy bilen kabul edip, çaga kalbyndan çykýan sagbolsunlaryny beýan etdiler.