milli goshun logo
Çagalaryň bagtyýarlygy – Watanymyzyň buýsanjy
Çagalaryň bagtyýarlygy – Watanymyzyň buýsanjy
02.06.2019 891 Habarlar

1-nji iýunda Türkmenistan Çagalary goramagyň halkara gününi giňden belledi. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalaryň şatlygyna şatlyk goşan köp sanly şadyýan we gyzykly çäreler geçirildi.

Çagalary goramagyň halkara güni ýurdumyzda konsertlere, teatr sahna oýunlaryna, çagalar döredijiliginiň sergilerine, bäsleşiklere, sport we saglyk çärelerine beslendi.

Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş raýatlaryň – biziň arzuwlarymyzyň we bagtyýar geljegimiziň hemmetaraplaýyn ösmeklerine, olaryň saglygyna we abadançylygyna gönükdirip durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň netijelidiginiň aýdyň subutnamasydyr.