Düýn - 20-nji martda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hem aýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşygy boldy. Duşuşykda gaznanyň alyp barýan işleriniň halkara gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýeti bellenildi.
Duşuşykda O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleri barada gürrüň berip, ynsanperwer maksatlara gönükdirilen işleri ýerine ýetirmegiň bu düzümiň esasy wezipesi bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gazna tarapyndan häzire çenli amala aşyrylan işleriň, şol sanda zerur lukmançylyk operasiýalaryny geçirmegiň saglygyny dikeltmäge mätäçlik çekýän çagalara uly hemaýat berýändigi nygtaldy.