1-nji iýunda Türkmenistanda Çagalary goramagyň halkara
güni mynasybetli köpçülikleýin çäreler guraldy, hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bu sene dünýä bileleşigi bilen
raýdaşlygyň, biziň döwletimiziň çagalaryň hukuklary we bähbitleri, ösüp gelýän
nesil barada aladalar babatynda BMG-niň esas goýujy taglymlaryna hem-de
ýörelgelerine ygrarlylygynyň beýany hökmünde ýurdumyzyň resmi baýramçylyk
senenamasynyň sanawyna girizildi.
«Aşgabat» medeni-dynç alyş seýilgähi
paýtagtymyzda guralan baýramçylyk çäreleriniň merkezine öwrüldi. Bu ýerde dürli
oýun attraksionlaryndan başga-da, çagalaryň ünsüni özüne çekýän köpöwüşginli
bezegi bolan kitap neşirleriniň sergisi, çagalar döredijilik toparlarynyň we
sirk artistleriniň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Çagalaryň gülküleri, şatlykly sesleri
joşgunly aýdym-sazlar bilen utgaşyp, seýilgähde özboluşly joşgunly pursatlary
emele getirdi.
Paýtagtymyzdaky
«Ertekiler dünýäsi» çagalar seýilgähinde, «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde we
«Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde çagalar hem-de ene-atalar üçin
köpçülikleýin baýramçylyk ýörişleri guraldy. Şunuň ýaly çäreler ýurdumyzyň
welaýatlarynyň dynç alyş merkezlerinde hem ýaýbaňlandyryldy.
Tutuş
ýurdumyzy gurşap alan baýramçylyk çäreleriniň guramaçylykly geçirilmegine
gatnaşan Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet, Sport we ýaşlar
syýasaty ministrlikleriniň, häkimlikleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň
wekilleri çagalar üçin guralan dabaralaryň gyzykly we peýdaly geçmegi, çagalara
dürli nygmatlaryň hödürlenmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet
berdiler.